Top.Mail.Ru

Arhiw

Raşid Meredow Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

21:0811.07.2023
0
33477

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawa bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-ýapon döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen bilelikde, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we pugtalandyrylmagynda aýratyn orun eýeleýändigi nygtaldy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça abraýly halkara düzümleriň çäklerinde, ilki bilen, BMG-de alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Diplomatlar şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak babatynda taraplaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň çäklerinde önjeýli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny bellediler.

Ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi barada aýtmak bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu ugurda amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň işine möhüm ähmiýet degişlidir.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugur boýunça işjeň hyzmatdaşlygy nygtamak bilen, bilimde, ylymda, saglygy goraýyş ulgamynda, sportda we syýahatçylykda uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmek boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hem aýratyn bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň