Turkmenportal logo
11.07.23
4020040200
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gonkong bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gonkong bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär

«Turkmenportala» mälim bolşuna görä, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy sentýabr aýynda Gonkongyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.


Häzirki wagtda Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy DÇ-2026-nyň saýlama tapgyry üçin taýýarlyk görmek maksady bilen degişli ýoldaşlyk duşuşygyny guramak boýunça gepleşikleri geçirýär.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan taryhda iki gezek Gonkong bilen duşuşdy. Iki oýun hem DÇ-2010-uň saýlama tapgyrynyň çäklerinde geçirilip, Gonkongdaky duşuşyk 0:0 hasabynda deňlikde, Aşgabatdaky gapma-garşylyk bolsa 3:0 hasabynda Türkmenistanyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.


Maglumat üçin, sentýabrdaky ýoldaşlyk duşuşygy üçin Türkmenistanyň ähtimaly garşydaşy häzirki wagtda 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogyna taýýarlyk görýär. Gonkongly futbolçylar yklym birinjiliginde BAE-niň, Eýranyň we Palestinanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar.


Ozal habar berşimiz ýaly, DÇ-2026-nyň Aziýa yklymy boýunça saýlama tapgyryna bijeler 27-nji iýulda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki AFK-nyň ştab-kwartirasynda çekiler. Türkmenistanyň milli ýygyndysy DÇ-2026-nyň saýlamasyna ikinji tapgyrdan girişer.