«Türkmengaz» DK Hytaýdan kuwwatly göterijileriň 9-syny satyn aldy

13:5511.07.2023
0
40550

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen kuwwatly göterijileriň dokuzysy gelip gowuşdy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi. «XJ — 450» we «XJ — 650» kysymly bu täze göterijiler degişli işleri ýokary talaplara laýyk derejede alyp barmaga mümkinçilik berýär. Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleri üçin şu ýylyň başynda hem şeýle kuwwatly enjamlaryň ýedisi satyn alnypdy.

Ýeri gelende bellesek, degişli şertnama esasynda Hytaý Halk Respublikasyndan satyn amnan bu kuwwatly göterijiler önüm bermesini azaldan ýa-da bütinleý bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň