10-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem metbugat azatlygy boýunça wekiliniň mandatyna degişli ÝHHG-niň üçünji ölçeginiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy soňky ýyllaryň içinde bu ugurdaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykmak bilen, ulgamlaýyn häsiýete eýe bolandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen wekiliň Edarasynyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek nukdaýnazaryndan, bilelikdäki işleriň wajyp bolup durýandygy nygtaldy.
Taraplaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen bilelikde yzygider esasda dürli çäreler geçirilýär, olar habarçylaryň we jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar ulgamynyň hünärmenleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň sanly geçişine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Şeýle-de, taraplar Türkmenistanda milli we sebit derejelerinde metbugat ulgamynda bilelikdäki çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.