Turkmenportal logo
10.07.23
2885728857
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Atasy» Gyrgyzystanyň Kubogynyň deslapky ýarym final oýnunda «Alaý» bilen deň oýnady
Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Atasy» Gyrgyzystanyň Kubogynyň deslapky ýarym final oýnunda «Alaý» bilen deň oýnady

Futbol boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň deslapky ýarym final oýnunda «Abdyş-Ata» öz öýünde «Alaýy» kabul etdi. Kant şäherindäki «Nitro Arena» stadionynda bolup geçen oýun 0:0 hasabynda tamamlandy.


«Abdyş-Atanyň» düzüminde hereket edýän türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýew esasy 11-likde meýdança çykyp, duşuşykda doly hereket etdi.



«Abdyş-Atanyň» oýunçylary duşuşygyň öňýanyndaky türgenleşige toparyň hüjümçisi Nurmat Sakebaýewi goldamak üçin niýetlenilen ýörite köýnekçelerde çykdylar.


Gyrgyzystanyň Kubogynyň beýleki ýarym final jübütiniň arasyndaky deslapky oýunda «Kara-Balta» öz öýünde «Muras Ýunaýtedi» kabul edip, 1:4 hasabynda ýeňlişe sezear boldy.



Ýaryşyň ýarym finalynyň jogap oýunlary 15-16-njy iýul günlerinde, final duşuşygy bolsa 31-nji awgustda geçiriler.


Ýeri gelende bellesek, Gyrgyzystanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Abdyş-Ata» hasaplanýar. Bu topar geçenýaryşyň ýylky final oýnunda «Neftçini» 1:0 hasabynda ýeňip, Gyrgyzystanyň Kubogyna we AFK Kubogynyň ýollanmasyna eýe çykypdy.