Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçiriler

22:5410.07.2023
0
44872

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi 2023-2024-nji okuw ýylynda «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçiriler. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Çeşmede bellenilişine görä, bäsleşigiň bu möwsüminde okuwçylar 100 sany test soraglar esasynda saýlanylar. Test sowallarynyň 50 sanysy Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, 20 sanysy XVII-XVIII asyr Türkmenistanyň taryhyna we dünýä taryhyna, 20 sanysy iňlis diline degişli, 10 sanysy bolsa akyl-paýhas (IQ) soraglary bolar.

III möwsüm 8 sany saýlama oýundan, 2 sany ýarym final we final oýunlaryndan ybarat görnüşde tapgyrlaýyn geçiriler. Her saýlama oýunda 6 menzil bolar. Saýlama oýunlaryň hersinde 2 sany ýeňiji ýarym finala gatnaşmaha hukuk gazanar.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar bilen saýlama test synagy sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän 9-10-11-nji synp mekdep okuwçylary özleri baradaky maglumatlary 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabryna çenli möhletde şu e-mail salga ibermeli: parahatchylygynchaparlary@gmail.com

Maglumatlar esasan şu meseleleri öz içine alyp biler:

  • Şahsy maglumatlary (resminama üçin düşülen 3x4 ölçegdäki suraty hem goşmak bilen);
  • Okuwda, döredijilikde we bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri;
  • Bilýän hem-de öwrenmegi dowam etdirýän daşary ýurt dilleri;
  • Gyzyklanýan bilim ugurlary, gowy görýän güýmenjeleri we.ş.m.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň saýlama sekiz oýnunyň temalary, okamak maslahat berilýän edebiýatlaryň sanawy we beýleki giňişleýin maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň