Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan Türkmenistandan 566 million kilowat-sagat elektrik energiýasyny import etdi

17:2210.07.2023
0
23286

Gyrgyzystan 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistandan 566,381 million kilowat-sagat elektrik energiýasyny import etdi. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwründe 1,051 milliard kilowat-sagada barabar bolupdy diýip, «Trend.az» habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda Gyrgyzystan daşary ýurtlardan 1,356 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny import etdi, bu bolsa, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8 göterim azdyr (1,474 milliard kilowat-sagat).

Gyrgyzystanyň Döwlet statistika komitetiniň habaryna görä, ýurduň importynyň bahasy 35,858 million dollara barabar bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,5 göterim köpdür (33,678 million dollar).

Belläp geçsek, 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Gyrgyzystan Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan we Özbegistandan elektrik toguny import etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň