Turkmenportal logo
10.07.23
2280622806
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AÖB Türkmenistanda faktoring bazary boýunça orta möhletli çaklamasyny mälim etdi
AÖB Türkmenistanda faktoring bazary boýunça orta möhletli çaklamasyny mälim etdi

Türkmenistanda faktoringiň möçberi 3 ýyldan 5 ýyla çenli orta möhletde, takmynan, 1,9 milliard dollar töweregi bolup biler. Bu barada Aziýa Ösüş bankynyň çaklamasyna salgylanyp, «Trend.az» habar berýär.


Aziýa Ösüş Bankynyň berýän maglumatyna görä, bu çaklama 2022-nji ýylda jemi içerki önümi 78 milliard dollar bolan Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberine esaslanýar.


Habarda bellenilişi ýaly, AÖB banklar we bank däl maliýe edaralary tarapyndan faktoringiň çäklendirilen kabul edilmegi we ulanylmagy üpjünçilik zynjyrynyň maliýe önümleri barada habardarlygyň we bilimiň artmagynyň zerurdygyny görkezýär diýip hasaplaýar.


«Şeýle hem bank däl maliýe edalaryna hem faktoringiň banklar bilen deň hukukly ykrar edilmegi möhümdir» diýip, AÖB belleýär.