Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

12:2510.07.2023
0
36103

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutanyny möhletinden öň geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, doganlyk özbek halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda batly depginlerde öňe ilerleýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, senagat, energetika, oba hojalygy we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlyk, şeýle-de iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklar hem-de medeni alyş-çalyş yzygiderli ösdürilýär.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistanda möhletinden öňki Prezident saýlawlary 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirildi. Ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň habar bermegine görä, Özbegistandaky ses bermäge hukugy bolan raýatlaryň 79 göterimi saýlawlara gatnaşypdyr. Saýlawyň deslapky netijelerine görä, saýlawda Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasyna (O'zLiDep) wekilçilik eden, ýurduň häzirki Baştutany Şawkat Mirziýoýew 87,05 göterim ses toplap ynamly ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň