Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän habara görä, ýurduň käbir sebitlerinde +44 gradusa çenli yssy bolar.
Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +39... +44 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +34... +39 gradus yssy bolar.
Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 9 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23... +25 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +37 gradusdan, +41... +43 gradus aralygynda yssy bolar.