Türkiýe Respublikasy Türkmenistandan 8,787 tonna gämi ýangyjyny import etdi. Bu barada şenbe güni «Trend.az» habar berdi.
Türkiýäniň Energetika Bazaryny Düzgünleşdiriji Guramasynyň (EPDK) hasabatyna görä, Türkmenistandan import edilen bu möçber hasabat döwründe türk nebit önümleriniň umumy importynyň 0,25 göterimini emele getirýär.
Mundan öňki gezek Türkiýe Türkmenistandan 10,970 tonna gämi ýangyjyny import etdi (2023-nji ýylyň mart aýynda). Şeýlelik bilen, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkiýe tarapyndan gämi ýangyjynyň importy 39,953 müň tonna boldy.
Mundan başga-da, 2022-nji ýylda Türkiýe Türkmenistandan 15,540 tonnadan gowrak gämi ýangyjyny import etdi. Bu bolsa, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,5 esse köpdür (2060 tonna).
Soňky ýyllarda Türkmenistanda energiýa çeşmelerini çykarmak we öndürmek, şeýle hem daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek babatdaky işler depginli ösüşe eýe bolýar.