Turkmenportal logo
07.07.23
2206522065
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bas» futbol topary Oraz Ataýewi doglan güni bilen gutlady
«Bas» futbol topary Oraz Ataýewi doglan güni bilen gutlady

Russiýanyň «Bas» media futbol topary Oraz Ataýewi doglan güni bilen gutlady. 7-nji iýulda futbolçy 23 ýaşyny doldurdy.


«Şu gün biz merkezi goragçymyz Oraz Ataýewiň doglan gününi belleýäris. Oraz, biz saňa mundan beýläk hem diň şadyýanlyk we bagtyýar durmuş arzuw edýäris. Sen biziň tälimçiler toparymyz üçin goragymyzyň berk galasy. Saňa milli ýygyndyda hem üns berilýändigine şaýat bolduk!» diýlip, klubyň telegram-kanalynda aýdylýar.


Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Bas» futbol topary Moskwanyň Selebriti kubogynyň çärýek finalynda «Matç TW» toparyny 5:2 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy.