Türkmenistanda gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 58» sorty döredildi. Ol Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkezinde gowaçanyň «Ýolöten — 42» sortunyň populýasiýasyndan ýekebara seçgi esasynda saýlanyp alnyp döredildi. Saýlantgy ösümlik bolsa 2016-njy ýylda alyndy.
«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, täze sortuň bir gozadaky pagtasynyň agramy 33 gram bolýar. Tohumy orta ululykda, açyk ýaşylymtyl reňkli. Çigidiň üsti aram sütükli, sürümtilräk.
Gowaçanyň täze sortunyň hasyllylygy 33,2 s/ga bolup, standart sortdan 2,1 sentner köp hasyl berýär. Süýümiň çykymy 30,4 göterim, uzynlygy 39-40 mm, inçeligi 8223 birlige çenli barýar. Berkligi 4,4 g/güýje, üzüliş uzynlygy 35,8 km bolup, standart sortuňkydan +0,8 artykdyr. Ol standart sortdan bir gün ir ýetişýär. Fuzarioz wilt keseline-de durnukly.
Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 58» sortuny Maryda, Ahalda we Lebap welaýatynyň günorta sebitiniň ekerançylygynda önümçilige ornaşdyryp bolýar. Şeýle gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin ýokary agrotehniki çäreler göz öňünde tutulýar. Ol häzir Mary we Ahal welaýatlarynda ösümlikleriň Döwlet sort synagyndan geçirilýär.