Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara atom energiýasy agentligi bilen gyzyklanma bildirilýän ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy

14:2506.07.2023
0
33302

Türkmenistanyň goranmak ministriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) baş direktorynyň orunbasary, tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Hua Liu bilen duşuşyk geçirdi.

3-nji iýulda IAEA-niň baş binasynda geçen duşuşygyň barşynda özara hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlarynda alnyp barylýan işler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Türkmenistan bilen Agentligiň arasyndaky Ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy, tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerindäki milli taslamalaryň durmuşa geçirilişi we Agentligiň Radiasiýa howpsuzlygy babatynda maglumatlary dolandyryş tor ulgamy (RASIMS) bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň