Turkmenportal logo
05.07.23
2287122871
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri FIFA-nyň Daşkentde geçirilen okuw-maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekilleri FIFA-nyň Daşkentde geçirilen okuw-maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanly futbol hünärmenleri FIFA tarapyndan halypa-tälimçileriň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçiren okuw maslahatyna gatnaşdylar.


Daşkent şäherinde geçirilen okuw-maslahatyna Merkezi Aziýa girýän ýurtlaryň dördüsiniň wekilleri gatnaşdylar: Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan.


Bu okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Ýaryşlary guramak we geçirmek bölümiň başlygy Maksat Seýitgulyýew, TFF-niň Tehniki bölüminiň hünärmeni Röwşen Muhadow, «Altyn asyr» toparynyň tälimçisi Maksat Şamyradow, «Köpetdag» toparynyň tälimçisi Boris Borowik hem-de «Şagadam» toparynyň tälimçisi Begenç Garaýew gatnaşdylar.


Okuw-maslahatynyň baş gözükdirijisi hökmünde singapurly FIFA-nyň hem-de AFK-nyň gözükdirijisi Mohammed Basir çykyş etdi. Bu ugurda oňa sebit gözükdirijileri türkmenistanly Röwşen Meredow, özbegistanly Yslam Ahmedow hem-de gyrgyzystanly Swetlana Pokaçalowa dagy kömekleşdiler.


FIFA-nyň halypa-tälimçileriň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçiren okuw-maslahaty milli assosiasiýalarda tälimçileriň özbaşdak taýýarlanmaklary we ýerli tälimçileri taýýarlamakdan, şahsy, sosial we hünär taýdan ösmekleri üçin mümkinçilikleri döretmekden ybarat boldy. Mundan başga-da, okuw-maslahatynyň dowamynda hünärmenler dürli ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik aldylar.