Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjan Türkmenistandan suwuk ýangyjyň importyny üç esse artdyrdy

16:5804.07.2023
0
28400

2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Azerbaýjan senagat zerurlyklary üçin Türkmenistandan 30 915 tonna suwuk ýangyç satyn aldy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, «Trend.az» habar berdi.

Berlen maglumata görä, Azerbaýjanyň senagat zerurlyklary üçin Türkmenistandan suwuk ýangyç importynyň bahasy 11,8 million dollardan geçdi. Bu bolsa, 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýy bilen deňeşdirilende, 3,2 esse ýokarydyr.

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda senagat maksady bilen ulanmak üçin bahasy 3,6 million dollardan geçýän 4622 tonnadan gowrak suwuk ýangyç import etdi.

Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Azerbaýjan senagat maksatlary üçin bahasy 35,79 million dollara barabar bolan, jemi 90,379 tonnadan gowrak suwuk ýangyç import etdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan nebit we gaz gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlardan biridir. Ýurt nebiti we gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň gurluşygyna we energiýa çeşmeleriniň dünýä bazarlaryna eksportyna uly üns berýär.

Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 296,51 million dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 esse köpdür (68,85 million dollar).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň