Şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň Hanty-Mansiýsk awtonom okrugy-Ýurgadan Türkmenistana agaç önümleri eksport edildi. Bu barada «Rosselhoznadzoryň» resmi web sahypasynda habar berildi.
Habar berlişi ýaly, 2023-nji ýylyň başyndan bäri «Rosselhoznadzoryň» Týumen sebiti, Ýamalo-Nenets we Hanty-Mansiýsk awtonom okruglary boýunça edarasy Hanty-Mansiýsk awtonom okrugy-Ýurganyň Kondinskiý etrabyndan Türkmenistana, Özbegistana, Azerbaýjana, Gazagystana we Gyrgyzystana 12 müň kub metrden gowrak agaç önümleriniň eksportyna gözegçilik etdi.
«Ösümlik karantini hakynda» Federal Kanuna laýyklykda, ygtyýarly guramalar tarapyndan agaç önümleri boýunça karantin fitosanitar zyýansyzlandyryş işleri amala aşyryldy.
Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, agaç önümlerinde olary import edýän ýurtlar üçin karantin elementleri ýüze çykarylmady diýlip, habarda bellenilýär.