Turkmenportal logo
04.07.23
2207522075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Atasy» gyrgyz çempionatynda birinji orna göterildi
Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Atasy» gyrgyz çempionatynda birinji orna göterildi

Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» futbol topary Gyrgyzystanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynda Jalal-Abadyň «Muras Ýunaýtedini» 1:0 hasabynda ýeňdi.


Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini gyrgyz çempionatynyň geçen möwsüminiň iň netijeli futbolçysy Emmanuel Ýagr geçirdi.


Duşuşykda esasy düzümde meýdana çykan türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýew başdan-aýaga meýdanda boldy.


Bu ýeňişden soň utugyny 30-a çykaran «Abdyş-Ata» ýaryş tertibinde birinji orna göterildi. Ikinji orundaky «Alaýyň» 29 utugy bar.


Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Ata» futbol toparyna şu ýylyň mart aýynda Marynyň «Energetiginden» geçendigini ýatladýarys.