Turkmenportal logo
04.07.23
3157631576
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Jozef Baýdeni ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Jozef Baýdeni ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


— Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine berk ynam bildirýäris — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belledi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.