Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Özbegistan bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

20:0403.07.2023
0
29525

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkent şäherinde Özbegistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer. Bu barada Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasyna salgylanyp, championst.asia saýty habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň futzal ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisi geçiriler. Olaryň birinjisi 15-nji iýulda, ikinjisi bolsa 17-nji iýulda oýnalar. Ýoldaşlyk duşuşyklary iki topar üçin hem «CAFA Futsal Cup-2023» ýaryşyna taýýarlyk bolup hyzmat eder.

Ýeri gelende bellesek, «CAFA Futsal Cup-2023» turniri 23-30-njy iýul günlerinde Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriler. Ýaryşda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň futzal ýygyndylary çempionlyk üçin özara bäsleşerler. Aýlaw görnüşinde geçiriljek ýaryşda ýeňiji utuklaryň sany esasynda kesgitleniler. Ýakup Öwezowdan tälim alýan türkmen ýygyndysy sebit ýaryşyndaky ilkinji duşuşygynda Eýran bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň