Turkmenportal logo
02.07.23
2639126391
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan Milli dombra gününi belleýär
Gazagystan Milli dombra gününi belleýär

Gazagystanda her ýylyň iýul aýynyň birinji ýekşenbesinde Milli dombra güni bellenilýär, bu ýylda baýramçylyk 2-nji iýula düşýär diýlip, «MIR 24» portalynda habar berilýär. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň raýatlaryny gazak halkynyň esasy saz guralynyň güni mynasybetli gutlady.


«Bu gadymy saz guraly biziň halkymyzyň kalbyny, onuň däp-dessurlaryny we medeniýetini alamatlandyrýar. Dombra halkyň ruhuny we şöhratyny belende götermek bilen, biziň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyza we milli nyşanymyza öwrüldi» diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda bellenilýär.


Iki kirişli dombra (ýa-da dombyra) – ata-babalary çarwa halk bolan gazaklaryň iň meşhur saz guralydyr. Gadymy döwürlerde dombra her bir öýde bolupdyr we hemmeler ony çalmagy başarypdyrlar. Dombranyň kädisi bitin agaç böleginden ýasalýar, munuň üçin elýeterli bolan islendik agaç görnüşi peýdalanylypdyr.


Häzirki zaman dombranyň ilkibaşdaky nusgasynyň 4 müň ýyla golaý ýaşy bardyr: Almaty şäheriniň golaýyndaky daglarda, takmynan, 4000 ýyllyk daşlara çekilen suratlar tapyldy, olarda ellerinde dombra meňzeş saz gurallary bolan tans edýän adamlar şekillendirilipdir.