Turkmenportal logo
30.06.23
4403844038
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
D witamini ýürek dermanlary bilen utgaşdyrylanda infarkt mümkinçiligini örän peseldýär
D witamini ýürek dermanlary bilen utgaşdyrylanda infarkt mümkinçiligini örän peseldýär

Awstraliýaly alymlaryň pikirine görä, D witaminini yzygiderli kabul etmek 60 ýaşdan uly ýaşly adamlarda ýürek-damar keselleriniň döremek töwekgelçiligini örän peseldýär diýip, «MIR 24» portaly habar berýär.


D witamininiň peýdaly täsiri ýürek dermanlary bilen utgaşdyrylanda has-da artýar. Bu netije 60-dan 84 ýaş aralygyndaky hassalaryň gatnaşmaklarynda geçirilen synaglaryň esasynda ýüze çykaryldy. Bir topar D witaminler toplumyny, beýleki topar bolsa plasebony kabul etdi. Netijede, D witaminini kabul eden toparda ýürek-damar keselleriniň ýiti ýagdaýlaryna 19% az duş gelindi, şol bir wagtyň özünde, witaminiň ýerine plasebony kabul edenlerde bu ýagdaý bary-ýogy 9% ýüze çykaryldy.