Haj parzynyň dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlap, Prezident Wladimir Putiniň bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi. Walentina Matwiýenko pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygyny Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.
Hanym Walentina Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we işde täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşan ägirt uly goşandyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhammedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow we Walentina Matwiýenko häzirki wagtda türkmen-rus gatnaşyklarynyň barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda ýakynlaşmagyň, özara düşünişmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam bermek meýli beýan edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda Walentina Matwiýenkonyň türkmen-rus gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny ösdürmek boýunça bilelikdäki netijeli işleriň dowam etdirilmegi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbidine gönükdirilendir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar özara düşünişmegiň döwletara gatnaşyklara mahsus ýokary derejesiniň hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki döwletiň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.