Gyrgyzystan polietilen torbalardan – olaryň önümçiliginden, satuwyndan, olary peýdalanmakdan bütinleý ýüz öwürýär diýip, «MIR 24» portaly habar berýär. Degişli kanun Gyrgyzystanyň parlamentiniň üçünji mejlisinde kabul edildi we gol çekmek üçin döwlet Baştutanyna iberildi.
Respublikada plastik torbalaryň önümçiligi indiki ýyldan bes ediler. Olary ýaýratmak doly gadagan edilenden soň, plastik torbalaryň ornuna alyjylara kagyzdan ýa-da matadan taýýarlanan eko-torbalar teklip ediler. Gyrgyzystanyň Yssyk-köl welaýatynyň dükanlary eýýäm plastik torbalardan bütinleý ýüz öwürdiler.
GDA ýurtlarynyň arasynda plastik torbalaryň önümçiliginden we satuwyndan ilkinji bolup Gruziýa we Moldowa ýüz öwürdi. Olara Gazagystan hem goşulmaga taýyn, şeýle hem Täjigistanda degişli kanunyň üstünde işlenilýär.