Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, uly üstünlikler hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, iki döwletiň arasyndaky dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmakda goşan şahsy goşandy barada aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi mübäreklediler. Şeýle-de özbek Lideri Arkadag şäheriniň resmi taýdan açylmagy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy gyzgyn gutlady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum, senagat, energetika, oba hojalygy hem-de ulag-logistika ýaly pudaklarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi. Mundan başga-da, taraplar sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

