Turkmenportal logo
29.06.23
3136231362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-de ilkinji duşuşygyny Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-de ilkinji duşuşygyny Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023 sebit ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 23-nji iýul güni Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer. Güýçli garşydaş bilen duşuşykdan soň Ýakup Öwezowyň şägirtleri 24-nji iýulda Täjigistanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.


Ildeşlerimiziň 26-njy iýuldaky garşydaşy Özbegistanyň ýygyndysy bolar. 28-nji iýulda gyrgyzystanly futzalçylar bilen duşuşjak türkmen ýygyndysy ýaryşdaky soňky duşuşygyny 30-njy iýulda Owganystanyň ýygyndysy bilen geçirer.


«CAFA Futsal Cup-2023»


1-nji tapgyr


23-nji iýul (ýekşenbe)


Özbegistan – Täjigistan


Gyrgyzystan – Owganystan


Eýran – TÜRKMENISTAN



2-nji tapgyr


24-nji iýul (duşenbe)


Täjigistan – TÜRKMENISTAN


Eýran – Gyrgyzystan


Özbegistan – Owganystan



3-nji tapgyr


26-njy iýul (çarşenbe)


Täjigistan – Gyrgyzystan


TÜRKMENISTAN – Özbegistan


Owganystan – Eýran



4-nji tapgyr


28-nji iýul (anna)


Owganystan – Täjigistan


Gyrgyzystan – TÜRKMENISTAN


Eýran – Özbegistan



5-nji tapgyr


30-njy iýul (ýekşenbe)


Täjigistan – Eýran


TÜRKMENISTAN – Owganystan


Özbegistan – Gyrgyzystan.