Turkmenportal logo
29.06.23
3249532495
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FIFA-nyň täzelenen reýtinginde Türkmenistanyň orny üýtgedi
FIFA-nyň täzelenen reýtinginde Türkmenistanyň orny üýtgedi

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça milli ýygyndylaryň reýting-sanawyny täzeledi.


Täzelenen sanawda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bir basgançak aşak düşüp, 138-nji orunda ýerleşdi. Mergen Orazowyň şägirtleriniň iýun aýynda CAFA Nations Cup-2023-e gatnaşyp, Täjigistanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnandygyny, Özbegistan bilen Omandan bolsa 0:2 hasabynda ýeňlendigini ýatladýarys.


Täzelenen sanawyň liderleri çalyşmady: Argentina birinji, Fransiýa ikinji, Braziliýa bolsa üçünji orundaky ýerini gorady.


FIFA-nyň reýtingi:


1. Argentina — 1843.73


2. Fransiýa — 1843.54


3. Braziliýa — 1828.27


4. Angliýa — 1797.39


5. Belgiýa — 1788.55


6. Horwatiýa — 1742.55


7. Niderlandlar — 1731.23


8. Italiýa — 1726.58


9. Portugaliýa — 1718.25


10. Ispaniýa — 1703.45



138. Türkmenistan – 1089.77.