Top.Mail.Ru

Şu gün Türkmenistanda Arkadag şäheri açylýar

02:2229.06.2023
0
46395

Şu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylyş dabaralary geçirilýär. Dabaralara gatnaşmak üçin, dünýäniň dürli ýurtlaryndan, halkara guramalardan ýokary derejeli wekiliýet toparlary Türkmenistana geldiler.

«Turkmenportal» Arkadag şäheriniň gurluşygynyň dowam edişi, şeýle-de bu şäher bilen bagly syýasy-jemgyýetçilik wakalary öz okyjylaryna yzygiderli ýetirdi. Şu gün – 29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde açylýan bu döwlet ähmiýetli şäher barada ýene-de köp sanly maglumatlary taýýarlap, okyjylary tanyşdyrmagy maksat edindi.

Bu şäher türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup, onuň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, täze şäher sebitde iň iri we ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi. Şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş[1]dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, bu iri şäheriň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy guruldy. Olar bilen bir hatarda, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň hem 14-siniň gurulmagy taslamanyň örän giň geriminden habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 16-njy iýunynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi. Şäheriň ikinji iki gatly ýaşaýyş jaý toplumy, seýilgäh, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklary, ýol hereketiniň statistiki hasabatyny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligini amala aşyrýan elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň merkezleri bina ediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2023 – 2026-njy ýyllarda amala aşyrylar. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si, Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzilleri, şäheriň awtotoplumy hem-de bellige alyş bölümi bina ediler. Şeýle-de bu şäher 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sowujy akabalary, suwuň derejesini peseldiş ulgamyny we lagym geçirijilerini, 62,9 kilometr gaz geçirijini, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlaryny, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny öz içine alar.

Ýatladyp geçsek, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Arkadag şäheriniň baş metjidiniň düýbi tutuldy. Metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň biriniň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu gün Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna Ýewropadan we Aziýadan rekord derejede ýokary derejeli myhmanlar gatnaşýarlar.

Habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň açylyş dabaralary birnäçe gün dowam eder. Ýurduň taryhyndaky bu möhüm ähmiýetli waka 20-ä golaý ýurtdan we abraýly halkara guramalaryň 12-sinden köpsanly myhmanlar gatnaşýar. Maglumata görä, Awstriýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Germaniýa, Gruziýa, Gyrgyzystan, Hytaý, Katar, Koreýa, Özbegistan, Russiýa, Türkiýe we Ýaponiýa ýaly ýurtlardan 100-e golaý, BMG, GDA, ÝHHG, UN-Habibat, ÝUNESKO, Russiýanyň Arhitektorlar bileleşigi, Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi, Sambo federasiýasy, Türki döwletleriň Inženerler we arhitektorlar bileleşigi, TÜRKSOÝ, Ýewraziýa patent guramasy, Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly iri halkara guramalardan bolsa 30-a golaý ýokary derejeli wekiliýet açylyşa gatnaşmak üçin Türkmenistan geldi. Şol sanda, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, 20-ä golaý daşary ýurt kompaniýasynyň 40-dan gowrak işewüri, şeýle hem dünýäniň meşhur habar beriş serişdelerinden onlarça žurnalist çärelere gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň