Turkmenportal logo
28.06.23
2612126121
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük gullugynyň işgärleri maglumat alyşmagy ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük gullugynyň işgärleri maglumat alyşmagy ara alyp maslahatlaşdylarSurat: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Gazagystanly kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Bu barada gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.


27-nji iýunda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Maliýe ministrliginiň arasynda deslapky maglumat alyş-çalşygyny guramak baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen işlenip düzülen Maglumat alyşmak üçin Tehniki şertleriň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.


Hususan-da, kärdeşler maglumat alyşmagy ýola goýmak üçin zerur guramaçylyk we tehniki çäreleriň toplumyny, tehniki şertlerde göz öňünde tutulan maglumat alyş-çalyşyň hukuk esaslaryny, şeýle hem maglumat alyşmagyň programma üpjünçilik gurallarynyň meselelerine garadylar.