Turkmenportal logo
28.06.23
3822038220
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mariýa-Antuanettanyň «Wersal» köşgündäki otaglary ýene syýahatçylara baryp görmek üçin elýeterli edildi
Mariýa-Antuanettanyň «Wersal» köşgündäki otaglary ýene syýahatçylara baryp görmek üçin elýeterli edildi

«Wersal» köşgünde abatlaýyş işlerinden soňra Fransiýanyň soňky şa zenany Mariýa-Antanettanyň şahsy otaglary syýahatçylar üçin açyldy, diýip «The Guardian» habar berýär.


Otaglar buduary, kitaphanany we bilýard otagyny öz içine alýar. Şa zenany 1789-njy ýylda parižlileriň «Wersaly» eýelän wagtynda şol otaglarda gizlenipdir.


Mariýa-Antuanettanyň otaglarynyň düýpli abatlaýyş işleri «Wersalyň» 400 ýyllygy mynasybetli ony gaýtadan dikeltmek boýunça giň gerimli taslamanyň bir bölegidir. Şa zenanynyň otaglaryndan başga-da, oba öýleri we «Kiçi Trianon» köşgi hem gaýtadan dikeldildi. Taryhçylar we arhitektorlar köp ýyllaryň dowamynda şol döwrüň ýazgylary hem-de suratlary boýunça «Wersal» köşgüniň içiniň XVIII asyrda nähili görnendigini öwrendiler.