Turkmenportal logo
27.06.23
3324233242
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly futbolçylar Türkiýede daşary ýurtly hasaplanylmaz
Türkmenistanly futbolçylar Türkiýede daşary ýurtly hasaplanylmaz

Ulysmedia.kz saýtynyň habar berşi ýaly, eger türkmenistanly futbolçylar Türkiýäniň çempionatynyň 2023/24-nji ýyllardaky möwsüminde çykyş etseler, olar daşary ýurtly futbolçy hasaplanylmaz.


Şeýle karara Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň çözgüdi bilen gelindi. Eger türk klublarry täze möwsümde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan diňe ýekeje futbolçyny düzüme goşsalar, ol daşary ýurtly futbolçy hasaplanylmaz.


Türk Superligasynyň 11-nji awgustda başlanýandygyny ýatladýarys.


«Fotosporuň» ýazmagyna görä, «Trabzonspor» häzirki wagtda türki dilli döwletlerden zehinli futbolçylary gözlemek işini ýygylaşdyrdy.