Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» kärhanasy enjamlaryň we önümçilik-tehniki maksatly önümleriň köp dürli görnüşlerini öndürýär

10:1327.06.2023
0
31640

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümine girýän «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ykdysadyýetiň gurluşyk hem-de beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklary üçin, kärhanalardyr edaralaryň, şeýle-de ilatyň sarp ediş maksatlary üçin möhüm bolan ýokary hilli önümler bilen üpjün edýär.

1961-nji ýylda esaslandyrylan «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň işi Türkmenistanda bäsdeşlige ukyply importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, içerki pudaklary zerur bolan önümler bilen üpjün etmäge gönükdirilen senagat önümçiliginiň netijeli ösýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Kärhana nebitgaz pudagy üçin niýetlenen önümleriň, şol sanda AGP markaly nebit akymynyň awtomatik gyzdyryjysynyň, gaz gyzdyryjylarynyň, nebit önümlerini 30 gradusdan +80 gradusa çenli temperaturada bölmäge ýa-da ýüklemäge ukyply kenarýaka nebit çukurlarynda we beýleki ýerlerde gurnalýan deňiz derýa tankerlerinden dökmek we guýmak üçin, nebit önümlerini terminaldan gämä guýmak üçin URU-300 gurnamalarynyň önümçiligini we beýleki işleri ýola goýdy.

Kärhananyň önümçilik çygrynda demir gaplar, şeýle hem burawlaýjylar, ilatly zolaklardan uzakda işleýän nebitçiler üçin niýetlenen süýşýän öý-wagonlary, gaz peçleri bar. Elektrik energiýasy pudagynyň zerurlyklary üçin — daşky bloklar, transformator we yşyklandyryş stansiýalary, dürli markalaryň goraýjylary we ýokary woltlyklar, izolýatorlar bar. Kärhana şeýle hem dürli çylşyrymlylykdaky tokar-frezerlik, demir işleme işleri bilen meşgullanýar.

Şular bilen birlikde, kärhanalaryň we ilatyň hojalyk işlerindäki isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, «Nebitmaş» kärhanasy howa sowadyjy ulgamlary we doňduryjy enjamlary gurnamak hem-de abatlamak, 0,4 kW çenli elektrik montaž işlerini geçirmek bilen meşgullanýar. Bulardan başga-da, kärhana çagalaryň oýun meýdançalaryny enjamlaşdyrýar hem-de ýörite niýetlenen iş eşiklerini öndürýär.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Telefon belgileri: (+993 12) 76 02 43; 76 03 69, Faks: (+993 12) 76 02 25.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň