Turkmenportal logo
26.06.23
2767527675
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly samboçylar Russiýanyň Gran-prisinde dört medal eýelediler
Türkmenistanly samboçylar Russiýanyň Gran-prisinde dört medal eýelediler

Türkmenistanly samboçylar Russiýanyň Krasnodar şäherinde geçirilen Gran-pri ýaryşynda medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Olaryň ählisi hem bürünç medallardyr.


Türkmenistanyň ýygyndy topary halkara ýaryşa Nurmämmet Tekäýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy. Ýaryşda Türkmenistanyň adyndan çykyş eden 7 türgeniň dördüsi medallara mynasyp boldy.


Has takygy, 71 kilograma çenli agram derejesinde Abdylla Babaýew, 88 kilograma çenli agramda Wýaçeslaw Işhanýan, 98 kilograma çenli agramda Bezirgen Begenjow, 98 kilogramdan ýokary agram derejede bolsa Çarymyrat Annagurbanow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.


Ýaryşa 7 döwletden — Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan hem-de Türkmenistandan 100-den gowrak türgen gatnaşdy.