Ertir türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni geçiriler.
Bu barada «Ost-Ausschus der Deutschen Wirtschaft» salgylanyp, centralasia.news ýazýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 26-njy iýundan 29-njy iýuna çenli Germaniýada saparda bolar. Wekiliýetiň düzümine dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Döwlet haryt we çig mal biržasynyň wekiller girer.
Türkmen işewürler gününiň maksatnamasynda nebithimiýa, gurluşyk we dokma senagaty meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin forum hem bar. Bu forum ikitaraplaýyn ýygnaklar we geňeşmeler üçin birnäçe mümkinçilikleri hödürleýän meýdança bolar. Çeşmäniň bellemegine görä, bu çäräniň dowamynda nemes işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýeti, eksport mümkinçiligi, daşary söwda we maýa goýum syýasaty, şeýle hem önümçilige innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meseleleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alar.