Turkmenportal logo
26.06.23
2339623396
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
53 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
53 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.


Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny, uçar kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.


Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri dürli görnüşli tekiz boýalan žakkard tüýjümek, jins önümlerini, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah matany we nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 53 million 380 müň dollaryndan gowrak boldy.


Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 275 müň manada deň bolan bugdaý harpygyny satyn aldylar. Bu barada TDH ýazýar.