Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mary Deri-Aýakgap» AGPJ Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki şahslaryna kärhananyň atly obligasiýalaryny hödürleýär

10:5226.06.2023
0
30393

«Mary Deri-Aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin gural hökmünde emmisiýa edilen atly obligasiýalaryny satyn almagy teklip edýär.

Obligasiýa – bu emitentiň öz maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin goşmaça serişdeleri çekmek boýunça çykarýan gymmatly karz kagyzydyr. Bu gymmatly kagyzy satyn alyjy, meselem, hususy maýadar kompaniýa karz pul berýär we ondan girdeji gazanmagy umyt edýär. Emitent maýadardan karz pul alýandygy üçin göterimini (kuponlary) töleýär.

Islendik bank hem şeýle işleýär. Ol müşderä belli bir möçberde karz berýär, yzyna bolsa düýbünden başga mukdarda alýar: karzyň özüni we puly peýdalanandygy üçin göterimini. Maýadar obligasiýalara eýelik etmekden şu aşakdakylaryň hasabyna girdeji alyp biler:

  1. kuponlar (girdejiler) – gymmatly kagyzyň nominal nyrhynyň göterimi, onuň möçberi obligasiýa ilkinji gezek ýerlenende kesgitlenýär we gymmatly kagyzyň tölegi üzülýänçä üýtgemeýär.
  2. nyrhdaky tapawut – arzan satyn alyp, gymmat satmak.

Obligasiýalara maýa goýmak pullary bank depozitlerinde saklamagyň ýerine gowy pikir bolup biler.

  1. esasy aýratynlyk obligasiýalary bank depozitleri bilen deňeşdireniňde ýüze çykýar. Hasap möhletinden öň ýapylanda goýumçy depozit boýunça göterim töleglerinden gelýän girdejisini ýitirýär. Obligasiýalary islendik amatly wagtda, kuponlaryň töleginden gelýän girdejini ýitirmezden satmak mümkindir;
  2. gymmatly karz kagyzlarynyň tiz satylyp bilinmek mümkinçiligini üpjün edýär;
  3. satyjy üçin hem, alyjy üçin hem adalatly nyrhy üpjün edýär, şonuň üçin hem satmagyň ýa-da satyn almagyň möhleti wajyp däldir.

«Mary Deri-Aýakgap» AGPJ-niň wekili emmisiýa edilen atly obligasiýalara eýelik etmegiň birnäçe tapawutly aýratynlyklary barada gürrüň berdi:

  • durnukly girdejililik. Obligasiýanyň eýesi jemi ahyrynda näçe gazanjakdygyny bilýär;
  • töwekgelçiligiň pes derejesi. Obligasiýalaryň nyrhynyň üýtgäp durmagy aksiýalaryňka görä pes derejededir.

«Mary Deri-Aýakgap» emmisiýa edilen atly obligasiýalary (D/S № 0550014007 P) satyn almak üçin Aşgabat gazna biržasynyň söwda meýdançasynda dellalçylyk (brokerlik) kompaniýasynyň – «Ynamly dellal» HJ-niň hyzmatlaryndan peýdalanmalydygyny habar berýär.

Obligasiýalaryň şertleri:

Jemi möçberi / mukdary: 10 000 000,00 manat / 10 000,00 sany;

Nominal (biriniň) bahasy: 1 000,00 manat;

Ýyldaky göterim girdejisi we töleg tertibi: 7% we her üç aýda (91 gün);

Iň az satyn almak möçberi / mukdary: 10 000,00 manat / 10 sany;

Dolanşyk möhleti: 2 ýyl / (730 gün).

Goşmaça maglumat almak üçin:

«Ynamly dellal» HJ (Ygtyýarnama №1-17-31-4);

Iş tertibi: 10:00-dan – 17:30-a çenli (Duşenbe – Anna);

Telefon: (+99312) 95 76 98;

http://www.ynamlydellal.com / www.ynamlydellal.com.tm

Maslahatçylar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň