Top.Mail.Ru

Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy

22:4824.06.2023
0
48975

Şu gün Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen dabara Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan netijeli halkara gatnaşyklary ilerletmekde medeni diplomatiýa uly ähmiýet berýär. TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ýardam berer.

Halkara çäräniň Türkmenistanda dowam edýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralmagynda aýratyn many-mazmun bolup, onuň açylyş dabarasy ýatda galyjy boldy. Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Aşgabatda bu medeni çäräniň guralmagynyň Bitarap Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny, doganlyk we raýdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýandygyny nygtady. Şeýle hem ol 2024-nji ýylyň bu gurama tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi. Şundan ugur alyp, aýratyn bellemeli zat, indiki ýyl dana Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş türki dünýäde hem giňden bellener.

Halkara çäräniň açylyş dabarasy türki döwletleriň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi. Konsertiň dowamyndaky aýdym-sazly çykyşlar köpöwüşginliligi bilen tapawutlanyp, tomaşaçylaryň ruhuny belende göterdi. Hususan-da, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet tans toparynyň ýerine ýetiren «Azerbaýjan tansy», Gyrgyz Respublikasynyň sungat ussatlarynyň «Manas» dessanyndan aýdan parçalary, çalan sazlary köpleriň ünsüni özüne çekdi.

«Türk dünýäsiniň hazynasyndan» ady bilen türkmen, özbek, azerbaýjan, gazak halk aýdymlaryndan bölekleriň ýerine ýetirilmegi, şonuň bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň «Saltanat» Döwlet tans toparynyň «Baýramçylyk tansy», Türkiýe Respublikasyndan Jem Gürdalyň we tansçylar toparynyň «Garadeňiz aýdymy», Özbegistan Respublikasynyň «Nowruz» tans toparynyň «Surnaý lezgisi» tansy dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

«Dehistan» hem-de türki döwletleriň folklor-tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly «Küştdepdi» aýdymy aýratyn ýatda galyjy boldy. Dabaraly konsert oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly aýdym bilen jemlendi.

Belläp geçsek, Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy uly çäreleri özünde jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň