Top.Mail.Ru

Türkmenistanda mugt surdoterjime hyzmaty ýola goýuldy

12:0124.06.2023
0
17065

Türkmenistanyň welaýatlarynda we paýtagtynda mugt surdoterjime hyzmaty ýola goýuldy, ol kerlere we eşidişi pes adamlara dürli guramalar, şol sanda notarial edaralar, hassahanalar, banklar we häkimlikler bilen aragatnaşygy guramakda ýeňillikleri döreder.

Geçen ýyl USAID-iň Türkmenistanda döwlet dolandyryşyny ösdürmegiň maksatnamasy surdoterjimeçiler üçin bir aýlyk hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary gurady we şu wagta çenli bu okuwy tamamlan ýedi surdoterjimeçi bu ugurda mugt hyzmatlary berip başlady.

Surdoterjime hyzmatlary Aşgabatda, Balkanabatda, Baýramalyda, Daşoguzda, Maryda we Türkmenabatda mugt hödürlenýär.

Surdoterjimeçiler Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň ýerli bölümlerinde hepdede bäş gün işleýärler. Olar iş otaglarynda we onuň daşynda janly nobat şertlerinde dilden terjimäni amala aşyrýarlar.

Mundan başga-da, USAID-iň metbugat beýanatyna görä, surdoterjimeçiler terjimäniň bu görnüşini öwrenmek isleýänlere üçin mugt maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň