Turkmenportal logo
24.06.23
2303023030
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal boýunça 2024-nji ýyldaky dünýä çempionaty Özbegistanda geçiriler
Futzal boýunça 2024-nji ýyldaky dünýä çempionaty Özbegistanda geçiriler

FIFA-nyň resmi saýty 2024-nji ýylda geçiriljek futzal boýunça dünýä çempionatyny Özbegistanyň kabul etjekdigini habar berdi.


Şeýle hem FIFA geljek ýylda futzal boýunça U-17 dünýä çempionatyny Indoneziýada, gyzlaryň arasynda U-20 ünýä çempionatyny Kolumbiýada, gyzlaryň arasynda U-17 dünýä çempionatyny bolsa Dominikan Respublikasynda geçirmegi meýilleşdirýär.


Futzal boýunça dünýä çempionatynyň final tapgyry 24 toparyň arasynda geçiriler. Olary 14-nji sentýabr ― 6-njy oktýabr aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. Futzal boýunça dünýäniň häzirki çempiony Portugaliýanyň milli ýygyndysydyr.