Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropaly alymlar gadymy Marguşyň syrlaryny öwrenmegi dowam ederler

20:1823.06.2023
0
17417

«Covid-19» pandemiýasy sebäpli ara düşen uzak arakesmeden soň doktor Barbara Çerazettiniň ýolbaşçylygyndaky Italiýanyň «TAP-Togolok» arheologik taslamasy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda gaýtadan işe başlar. Taslamanyň işi gadymy Marguşyň çägindäki Murgap sebitindäki bürünç asyryna degişli Togolok 1 obasynda dowam etdiriler diýip, «TAP-Togolok» taslamasy tarapyndan habar berildi.

Bir wagtlar Türkmenistanyň Günortasyndaky Murgap derýasynyň hanasynda ýerleşen gadymy Marguş köplenç ýalňyşlyk bilen taryhy we arheologik taýdan diňe iki beýik siwilizasiýanyň — Gündogardaky Indus siwilizasiýasy bilen Günbatardaky Mesopotamiýa siwilizasiýasynyň arasynda ýerleşýän serhet sebiti hökmünde seredilipdir.

1990-njy ýyldan bäri Italýan-türkmen arheologik missiýasy Türkmenistanda köp sanly gözleg taslamasyny amala aşyrdy, şolaryň biri bürünç we demir asyrlarynda oturymly ýerleri öwrenmegiň çäginde Murgabyň hanasynyň arheologik kartasyny döretmekdi. 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu missiýa 20 müň inedördül metrden gowrak meýdanda gözleg işlerini geçirdi.

Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara birleşigi (ISMEO) bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi «TAP-Togolok» arheologik taslamasynyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýarlar. Şeýle hem olar Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrligi bilen bilelikde bu taslamanyň hemaýatkäri hökmünde çykyş edýärler. Taslama Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hem goldanýar.

Türkmenistandaky gözleglerini gaýtadan dikeldýän arheologik missiýa taslama boýunça hyzmatdaşlaryň ýene biri bolan Bern uniwersitetiniň topary bilen bilelikde Togolok 1-iň demirgazyk depesini we onuň töweregindäki ýerleri güýzde uly magnitometrik gözleg arkaly öwrener. Meýdan ekspedisiýasy dört hepde dowam eder. Olara gadymy Merw döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň, şeýle-de Marynyň ýerli Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň türkmen hünärmenleri hem gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň