Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fewral-aprel aýlarynda Türkmenistan Gyrgyzystana 566 million kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny iberdi

18:3923.06.2023
0
18724

2023-nji ýylyň fewral-aprel aýlarynda Türkmenistan Gyrgyzystana 566,38 million kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny eksport etdi. Munuň özi degişli döwürde ýurduň daşary ýurtlardan import eden elektrik energiýasynyň 41,7 göterimine barabardyr. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, «KirTAG» habar berýär.

Türkmenistandan Gyrgyzystana eksport edilen elektrik energiýasynyň umumy bahasy 1 milliard 485 million somdan geçdi. Şunlukda bir kilowat-sagat energiýanyň bahasynyň ortaça 2,62 soma (takmynan, 3 ABŞ dollaryna) deň bolandygyny görmek bolýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň dört aýynda Gyrgyzystan goňşy döwletlerden 1,35 milliard kilowatt/sagatdan gowrak elektrik energiýasy import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8 göterim azdyr

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň