«ITEA» halkara IT akademiýasy nobatdaky gezek gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisini Açyk gapylar gününi geçirýär. Bu gezek myhmanlar UX/UI dizaýn bilen tanyşdyrylar.
UX/UI dizaýn (iňlisçe. User Interface — «ulanyjy interfeýsi» hem-de Usere Xperience — «ulanyjy tejribesi») — bu saýtlaryň we mobil goşundylaryň sahypalarynyň wizual bezegi bolup, ulanyjy ony her gezek saýt sahypalaryna giren mahaly görýär. UX we UI dizaýnyň kömegi bilen ulanyjy interfeýsleriniň taslamalaşdyrylmagy ýerine ýetirilýär.
Bu ýerde myhmanlaryň öňünde spiker hökmünde «ITEA-nyň» mentory, «Caspy Creative» studiýasynda Senior UX/UI dizaýner — Emir Hudaýberdiýew çykyş eder. Şeýle-de Emir türkmen dilindäkli ilkinji «Tehnohoz» tehnologik blogunyň awtorydyr. Duşuşygyň dowamynda spiker myhmanlaryň sowallaryna jogap berer, IT gurşawda dizaýneriň işi barada gürrüň berer hem-de dizaýner bilen suratkeşiň aratapawudyny düşündirer.
«ITEA» akademiýasynyň geçirýän Açyk gapylar gününe girmek tölegsizdir.
Bu çäre 7-nji iýulda sagat 18:30-da geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin şu salgylanma arkaly ýa-da görkezilen telefon belgilere jaň edip arza goýmalydyr: (+993 63) 47 11 92 hem-de (+993 63) 42 67 51.

