S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde pisse ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlanan ylmy-amaly duşuşyk geçirildi.
Çärä uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, Aşgabadyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň tema bilen gyzyklanýan wekilleri, bu ugurda işleýän hünärmenler, ýerli telekeçiler gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.
Duşuşykda ýurduň sebitleriniň tebigy we howa şertlerinde pisse agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de olardan bol hasyl almak mümkinçiligi barada tejribe alşyldy.
Pisse ýerli howa şertlerine gowy uýgunlaşandyr we Türkmenistanda giňden ýaýrandyr. Pisse agajynyň uzak ýyllyk ekindigi, 900 ýyla çenli ösýändigi nygtaldy. Pisse Türkmenistanyň Bathyz daglyk ýerlerinde döräp, soňra beýleki ýerlere ýaýrapdyr.
Çärä gatnaşyjylar daglyk we çöllük ýerlerde pisse ösdürip ýetişdirmek, ondan bol hasyl almak barada pikir alyşdylar. Şu jähetden topragyň ýagdaýyny ylmy esasda öwrenmegiň ähmiýeti bellenildi. Agaçlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň usullary we medeni şertlerde gowy kemala gelen her pisse agajyndan 16 — 20 kg çenli hasyl almak mümkinçiligi barada gürrüň edildi. Hünärmenler ösümlikleri köpeltmegiň usullaryny, olara ideg etmegiň düzgünlerini we şertlerini, dökünleri ulanmagyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.