Turkmenportal logo
22.06.23
3327333273
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi

22-nji iýunda AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bu barada Sport.kg habar berýär.


Türkmenistan saýlama tapgyryň «A» toparçasynda ýaryşar. Bu toparçanyň duşuşyklary Tailandda geçiriler. Toparçada ýer eýelerinden başga-da, Gonkongyň we Hytaýyň ýygyndylary hem bar.


Bije çekişligiň doly netijeleri:


  • «А» toparça: Tailand (ýer eýesi), Türkmenistan, Gonkong, Hytaý.
  • «B» toparça: Indoneziýa (ýer eýesi), Saud Arabystany, Owganystan, Makao.
  • «С» toparça: Eýran, Liwan, Gyrgyzystan (ýer eýesi), Maldiw adalary.
  • «D» toparça: Wýetnam, Koreýa Respublikasy, Nepal, Mongoliýa (ýer eýesi).
  • «E» toparça: Täjigistan (ýer eýesi), Mýanma, Palestina, Hindistan.
  • «F» toparça: Kuweýt, Bahreýn (ýer eýesi), Gündogar Timor, Bruneý.
  • «G» toparça: Özbegistan (ýer eýesi), Yrak, Malaýziýa, Kamboja.
  • «H» toparça: Ýaponiýa, Taýwan (ýer eýesi), Awstraliýa.

Saýlama tapgyryň düzgünleri


Saýlama duşuşyklar sekiz döwletde geçirilýär. Olaryň her biri bir toparça wekilçilik edýär.


Yklym ýaryşynyň final tapgyryna 8 toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň öňe saýlanan 7-si gatnaşyp biler. Bu 15 topara ýer eýesi hem goşulyp, yklym ýaryşy 16 milli ýygyndynyň arasynda geçiriler.


Futzal boýunça Aziýanyň kubogy mundan ozal 2022-nji ýylda Kuweýtde geçirilipdi. Ýaryş Ýaponiýanyň çempionlygy bilen tamamlandy. Ikinji orny Eýranyň, üçünji orny bolsa Özbegistanyň ýygyndylary eýeledi.