Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Ýer ýüzüniň ilkinji ýaşaýjylarynyň daşa öwrülen galyndylary tapyldy. Degişli tapyndylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýüze çykaryldy.
Alymlaryň bellemeklerine görä, bu galyndylar mundan 2,7 milliard ýyl ozalky döwre, ýagny paleozoý we proterozoý döwürlerine degişlidir. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti ýazýar.
Bäherden etrabynyň Gozyldag diýen ýerinde tapylan tapyndylaryň ýaşy 570 — 230 million ýyl aralygynda diýlip hasaplanylýar. Şeýle hem bu ýerde has irki döwre — 2,7 milliard ýyl ozalky döwre degişli bolan ýaşaýyş galyndylary hem tapyldy.
