Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň basketbol boýunça ýaşlar ýygyndylary Milletler ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşýarlar

15:2620.06.2023
0
22020

20 ― 26-njy iýun aralygynda Kataryň Doha şäherinde basketbolyň 3х3 görnüşi boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek FIBA 3x3 U23 Nations League 2023 ýaryşynyň saýlama duşuşyklary ýaýbaňlandyrylýar.

Ýaryşyň final tapgyry 13 ― 15-nji sentýabr aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçiriler. Şol ýaryşa ― Milletler ligasy ― 2023-e «Aziýa ― Günbatar» konferensiýasyndan wekilçilik etmek üçin türkmenistanly basketbolçylar şu günler Kataryň, Iordaniýanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary bilen ýiti göreş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, ýaryşa gatnaşmak üçin Doha şäherine 15 adamdan ybarat wekiliýet gitdi. Olaryň 12-si türgenlerdir. Şeýle hem Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň baş kätibi, FIBA Asianyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Bahar Magtymowa, erkekler ýygyndymyzyň baş tälimçisi Toýly Baýryýew we gyzlar ýygyndysyna tälim berýän Yslam Täçmämmedow dagylar hem bar.

Milletler ligasynyň saýlama tapgyrynda

Türkmenistanyň U-23 erkekler ýygyndysy:

  • Ýewgeniý Nazipow, Döwlet Narmyradow, Şalar Hydyrow, Maksat Hojaberdiýew, Kirill Beş we Ysmaýyl Arazmämmedow.

Türkmenistanyň U-23 gyzlar ýygyndysy:

  • Zybagözel Hydyrowa, Anastasiýa Altybaýewa, Gülnäz Reýimowa, Roza Amanowa, Farangiz Seýidowa we Aýnur Myradowa.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndylary 20 ― 26-njy iýun aralygynda alty duşuşyk geçirerler. Olaryň netijesinde iň köp utuk toplap bilen ýygyndy konferensiýanyň ýeňijisi bolar.

FIBA 3x3 Milletler ligasy 2017-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň maksadyň basketbolyň bu görnüşini ýaşlaryň arasynda-da ösdürmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň