Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we ähli türkmen halkyna Slowakiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanynyň özgertmeleri, şeýle hem sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy.
Türkmen-slowak hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda pikir alyşmalaryň çäklerinde, iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle-de ilçi Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işeňňirleşdirmäge özara gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň we olaryň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynandyrdy.