2023-nji ýylyň ýanwar — maý aýlary aralygynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük terminaly Bakuwdan gelýän 213 gämini kabul etdi we 214 gämini bu şähere ugratdy. Şol döwürde «Berkarar» we «Bagtyýar» türkmen paromlary Azerbaýjana 70 kadaly gatnawy amala aşyrdy.
Paromlar wagonlarda we ýük awtoulaglarynda on müňlerçe tonna üstaşyr we import ýüklerini, şol sanda gurluşyk materiallaryny, metal, azyk, şeýle-de ýeňil senagat önümlerini, enjamlarydyr tehnikalary daşadylar.
Türkmenistanyň eksport edýän ýüklerinde, esasan, oba hojalyk, dokma önümleri, polimerler we mineral dökünler agdyklyk edýär.
Ýeri gelende bellesek, Hazar deňzinde Türkmenbaşy we Baku şäherleriniň arasynda deňiz ýük we ýolagçy gatnawy 1962-nji ýyldan bäri amala aşyrylyp gelinýär.