Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «All University Info» sanawyna goşuldy

11:2119.06.2023
0
30976

«All University Info» boýunça dünýäniň uniwersitetleriň sanawyna Türkmenistandan ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hasaba alyndy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

«All University Info» sanawynda dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan ýokary okuw mekdepleri hasaba alnyp, öz ýurdunyň uniwersitetleriniň sany boýunça iň öňdebaryjy 10 ýurduň sanawy düzülýär.

Ähli uniwersitetleriň sanawy ýurtlar, şeýle hem Afrika, Aziýa, Merkezi Amerika, Ýewropa, Orta Gündogar, Demirgazyk Amerika, Okeaniýa, Günorta Amerika we Karib adalarynyň ýurtlary ýaly sebitler boýunça tertipleşdirilýär.

«All University Info» sanawy «QS World University Ranking» reýtingine salgylanýar we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri barada iň täze maglumatlary çap edýär. Bu reýtingden ugur alyp, «All University Info» dünýäniň iň köp uniwersitetleriniň ýerleşen öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawyny neşir edýär. Bu ýurtlar ýokary hilli bilimi bermek bilen tanalýar we talyplaryň arasynda has meşhurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň