Turkmenportal logo
17.06.23
4171841718
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Russiýanyň ykdysady ösüş ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Russiýanyň ykdysady ösüş ministri bilen duşuşdy

Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen gepleşikleri geçirdi.


16-njy iýunda bolan duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ministrleri geçen ýylda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 1 milliard 636,8 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny bellediler. Bu görkeziji şu ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10,4 göterim ýokarlanyp, 386 million amerikan dollaryna barabar bolandygy nygtaldy.


Ministrleriň bellemeklerine görä, özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda, hususanda, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda has hem ýokary görkezijileri gazanmaga uly mümkinçilikler bar.


Taraplar strategik hyzmatdaşlar hökmünde Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.